BASA BARMADYK SOYGI Başy şeýle başlady, Magazindi iş ýerim. Azyk önum, harytlar, Söwda-satyg işlerim. Garşymdaky magazin, Içinde bir näzenin, Işleýärdi meň bilen Goňşy bolup günuzyn. Gelip her gün irgözin, Salam berip geçerdi. Derrewem işe başlar, Magazinni açardy. Duhiň ysy bark urup, Ysy herýan gezerdi. Duhi satýan ol gözel, Ýurejigmi ezerdi. Käte penjirä garap, Gözüm ondan doýmazdy. Yşk heseri paralap, Hiç günüme goýmazdy. Öýlenmedik oglana, Başga näme gerekdi. Şol gyzyň ajap näzi, Güler ýüzi gerekdi. Her hili bahana bilen, Barýardym oň ýanyna. Gep gybat gytmy, Ugrun tapmak bardyra. Soňabaka öwrenşip, Gep sözümiz alyşdy. Aramyzda gatnawmyz, Has beter ýygjamlaşdy. Bir gün ony çagyrdym, Agşamky konsert zala: "Gideli aýdym diňläris, Belki aýlansak çala?!" Haýyşym teklip etdim, Jogabyn berdi nagt: "Su sözüňe aý oglan, Garaşypdym köp wagt.." Şeý diýdi-de ýylgyryp, Oýun şekli ýüzlendi. A meň bolsa ýüregim, Düňk-düňk edip tizlendi. Garaşmandym bu söze, Ýaýdanyp ýörsem nätjek. Gyz bolsa hoş bolupdy, Diýdi: "bileje gitjek!" Onuň ünsi konsertdi, Aýdymy-sazy diňläp. Meniň ünsüm ol gyzdy, Göwnümem zaryn iňläp. Ine şeýdip başlandy, "Konsertiň" başky sazy. Goý bagtyma duşursyn, Düz bolsun soňam yzy. Soň, soňlar körap gitdi, Tutaşdy yşk heseri. Söýgi - jadyly duýgy, Üýtgeşikdir höziri. Ir säher işe bile, Giçligem şäher seýle. Mydam görmesem güne, Günüm ötmezdi öýle. Ýaýdanmanam duramok, Gyrpa kakasy bardy. Kim bolsada halanok, Tire-taýpa otardy. Şol kakasy dälmidi, Meni şu güne salan. Indi gyzy nädip ýör, Çagaň üçinem oýlan. Men ykbaldan nalamok, Gyzyň bagtyn ýatyrdyň. Öz çagaňa kest edip, Ähli zadyň ýitirdiň. Wah näzenin, näzenin, Nädip ýaratdy zemin. Ökde suratçy gerek, Seniň gül keşbiň üçin. Meňi bardy ýüzünde, Çep gözüniň aşagy. Gözüm oňa düşende, Şol meňiniň aşygy. Meni ýetim gördüler, Sawçylarym ugratsam. "Gyzymyz ýeke" diýip, "Nädip eklejek" diýip. Dogry puluma ýokdy, Deňleşerden irräkdi. Ata-eneden ir galdym, Durmuşym şeýleräkdi. Hemme zat pula bitse, Onda ajalam biterdi. Bu dünýede ýaşaýşyň, Manysy hem ýiterdi. Indi diňläň yzyny, Bermediler ol gyzy. Bir narkoşa çykaryp, Ökünip, urdy dyzy. Bir pullyň lälik ogly, Ejesiniň balyk ogly, Mydama keýpi bilýän Beýnisi bozuk ogly. Rowa gördüler şoňa, Barlyja, gurply ýere. Gyzy gan aglap gezdi, Maňlaýyn urup ýere. Hemmesi geçdi gitdi, Aý aýlandy, ýyl ötdi. Menem boldum maşgala, Maşgalama başgala. Jaý galdyrdym, öý tutdum, Maşyn aldym, toý tutdum. Ýetimlik ýatdan çykdy, Gowy adamlary dost tutdum. Gollap durdy dostlarym, Mydama kömek berip. Şükür Hudaýa yrsgalym, Maňlaýymdan göterip. Emma ol gyzyň bagty, Gutardy gelin wagty. Bir narkoşyň elinde, Bolmady gülen wagty. Nebir gyzyň bagtyna, Duşupdyram pis kişi. Maşgalasy, öýi däl, Neşesi bar pişesi. Satdy malyn, baýlygyn, Çekdi gelniň aýlygyn. Gelni görgüli şonda-da, Dymyp gezdi aýbynyn. Nirä gitjek üç çaga, Kakadana derek ýok. Üçüjigem aç çaga, Eklemäge hörek ýok. Atasy öýne barsynmy, Ol atadan derek ýok. Gyzna çykmaka aýtdy: "Gyzym yza dönmek ýok. Eger şumjaryp gelseň, Asaryn kimem bolsaň. Biziň entek tirede, Aýrylşan ýokdur bilseň." Onsuzam ýanan gelin, Bogny ysyp durmady. Şol gyrpa kakasyny, Göwni isläp ýörmedi. Aý borda dost, men saňa, Baryn aýdyp durmaýyn. Geçen zat geçdi gitdi, Indi welin dymaýyn. Geline haýpym inýär, Hiç kişä görkezmesin. Maslahat dost mendenä, Çagaňa görkezmegin. Gorkezeniň görersiň, Soň öküner ýörersiň. Öz çagaňa kest edip, Eliň dyza urarsyň..

Теги других блогов: с юмором по жизни